Deňizleriň suwlarynyň derejesi 7 metr ýokarlap biler

Grenlandiýada uly buz gatlaklarynyň eremäge dowam etmegi bilen deňizleriň suwlarynyň 7 metre çenli ýokarlap biljekdigi mälim edildi

1102779
Deňizleriň suwlarynyň derejesi 7 metr ýokarlap biler

 

ABŞ-niň Boston şäherinde ýerleşýän Woods Hole Oşinografi institutynyň işgäreri, Grenlandiýa adasyndaky buzlaryň 20-nji asyryň ortaça derejesine görä, 33 göterim köp erändigi anyklandy. 

Topardan Sarah Das, Grenlandiýadaky buz gatlaklarynyň örän çalt we görülmedik derejede ereýändigini habar berdi. 

Geçirilen derňewde Grenlandiýadaky buz gatlaklarynyň bu derejede eremäge dowam eden halatynda deňizleriň suwunyň derejesiniň 7 metre çeni galyp biljekdigi mälim boldy.

Dünýäde kenara ýakyn ýerde ýerleşýän 10 uly şäheriň 8-siniň deňizleriň suwlarynyň derejesiniň galmagy sebäpli ýaramaz täsir ýetjekdigi nygtaldy. 

 


Etiketkalar: #suw , #deňiz , #dereje

Degişli Habarlar