Fransiýada Milli Mejlis protest ýörişlerini ara alyp maslahatlaşar

Fransiýada Milli Mejlis bilen Senat “sary ýeňsizlileriň” ýangyjyň bahalarynyň arzanladylmagy we ykdysady şertleriň kadalaşdyrylmagy üçin geçirýän protest ýörişlerini ara alyp maslahatlaşar

1099846
Fransiýada Milli Mejlis protest ýörişlerini ara alyp maslahatlaşar

Premýer ministrlikden berlen ýazmaça beýanata görä mesele ertir Milli Mejlisde, penşenbe güni bolsa Senatda seljerler.

Beýanatda Premýer ministr Edouard Filippiň hem ertir “sary ýeňsizlileriň” wekillerini kabul etjekdigi nygtaldy.

Beýleki tarapdan Ykdysadyýet ministri Bruno Le Maire “sary ýeňsizlileriň” talaplaryny kanagatlandyrmak üçin salgytlaryň we döwlet çykdajylarynyň gysga wagtda aşakladylmalydygyny aýtdy.

Bruno Le Maire ministrlikde beren beýanatynda ýangyjyň bahalarynyň aşakladylmagy we ykdysady şertleriň kadalaşdyrylmagy üçin “sary ýeňsizlileriň” geçirýän protest ýörişlerinden soň görüljek çäreler barada maglumat berdi.

Salgytlaryň we döwlet çykdajylarynyň gysga wagtda aşakladylmalygyny aýdan Le Maire, protest ýörişleriniň ýurduň ykdysadyýetine zeper ýetirýändigini belledi.

Le Maire ýörişler sebäpli transport we logistiki firmalaryň 400 million ýewrolyk ýitgi çekendigine ünsi çekdi.

15 günden bäri naharhanalaryň girdejisiniň 20-50 göterim aşaklandygyny aýdan Le Maire, protest ýörişleri sebäpli Renautl we Peugeot firmalarynyň satuwlarynyň hem azalandygyny ýatlatdy.

Fransiýada “sary ýeňsizliler” ady bilen bir ýere jemlenşen demonstrantlar 17-nji noýabrdan bäri hökümetiň ýangyjynyň bahalaryny ýokarlandyrmagyna garşy protest ýörişini geçirýär.

17-nji noýabrdan bäri dowam edýän ýörişlerde 2 adam ýogaldy, 222-si howpsyzlyk gullukçysy bolmak bilen 1043 adam ýaralandy, 1424 adam hem saklandy.

 


Etiketkalar: #Fransiýa , #protest

Degişli Habarlar