Tramp ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda geçiriljek ikinji duşuşyga oňyn garaýar

Tramp Günorta Koreýanyň Prezidenti we Awstraliýanyň Premýer ministri bilen duşuşdy

1098510
Tramp ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda geçiriljek ikinji duşuşyga oňyn garaýar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Günorta Koreýanyň Prezidenti Moon we Awstraliýanyň Premýer ministri Skott Morrison bilen duşuşdy.

Ak Tam tarapyndan berlen beýanatda Prezident Trampyň Argentinada geçirilýän G-20-niň liderler maslahatynyň çäginde Günorta Koreýanyň we Awstraliýanyň liderleri bilen aýry aýry duşuşandygy nygtaldy.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sanders mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda, Tramp bilen Günorta Koreýanyň Prezidenti Moonyň Koreýa Ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny aýtdy.

Duşuşykda Trampyň, ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda geçiriljek ikinji duşuşyga oňyn garaýandygy ýatladyldy.

Tramp soň bolsa Awstraliýanyň Premýer ministri Morrison bilen duşuşdy.

Tramp duşuşykda ABŞ bilen Awstraliýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini nygtady.

 

 

 



Degişli Habarlar