ABŞ Marokko 1,25 milliard dollarlyk, Polşa bolsa 655 million dollarlyk ýarag satar
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Marokko 1,25 milliard dollarlyk, Polşa bolsa 655 million dollarlyk ýaragyň satylmagy baradaky karary tassyklady
1097961

ABŞ-nyň Goranyş we howpsyzlyk gullugy tarapyndan berlen beýanatda, Döwlet sekretarlygynyň Marokkonyň ýaragly güýçleriniň hataryndaky 162 “Abram tankynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin Marokko 1,25 milliard dollarlyk ýaragyň satylmagy baradaky karary tassyklandygy nygtaldy.
Beýanatda Döwlet sekretarlygynyň Polşa hem 20 HMARS raketa ulgamy üçin 655 million dollarlyk ýaragyň satylmagyny tassyklandygy bellenildi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy hepdäniň başynda bolsa Müsüre 1 milliard dollarlyk 10 sany AH-64 kysymly “Appaçe” dik uçarynyn satylmagyna rugsat beripdi.
Degişli Habarlar

Borrel Bilen Blinken Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy
Borrel bilen Blinken, soňky hepdelerde rus esgerleriniň sanynyň artdyrylmagyna uly alada bildirýär