Russiýa Hamasyň Syýasy býurosynyň lideri Heniýýäni Moskwa çagyrdy

Hamasyň Syýasy býurosynyň lideri Ismail Heniýýe, Russiýanyň Daşary işler ministrliginden Moskwa sapar guramak üçin resmi çakylyk aldy

1096876
Russiýa Hamasyň Syýasy býurosynyň lideri Heniýýäni Moskwa çagyrdy

Hamas tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, ady agzalan çakylygy, Ismail Heniýýe bilen Gazadaky ofisinde duşuşan Russiýanyň Palestinadaky ilçisi Haýdar Raşid berdi. 

Heniýýe rus ilçisi Raşid bilen geçiren duşuşygynda resmi Moskwanyň Palestina meselesi üçin edýän tagallasy babatynda öwgüli sözler aýtdy. 

Hamas bilen Russiýanyň arasynda resmi bir gatnaşyk ýok. 

Hamas guramasynyň wekilleri alan çakylyklaryna laýyklykda Moskwa sapar guraýarlar. 

 


Etiketkalar: #Hamas , #Russiýa , #çakylyk

Degişli Habarlar