Bir million çaga sowuk gyş aýlaryny daşaryda geçirer

BMG-niň Çagalara Ýardam gaznasy (UNICEF), Demirgazyk Afrika we Orta Gündogarda takmynan 1 million çaganyň gyş aýlaryny öýsüz-öwzarsyz daşaryda geçirip biljekdigi barada duýduryş berdi

1096897
Bir million çaga sowuk gyş aýlaryny daşaryda geçirer

UNICEF çaknyşyklar, adamlaryň öýlerini terk etmegi we işsizlik ýaly meseleleriň, bu sebitlerde iň köp çagalary kyn ýagdaýda salandygyny habar berdi. 

UNICEF-iň Demirgazyk Afrika we Orta Gündogar sebitiniň jogapkär ýolbaşçysy Geert Kappelaere, gyşky şertlerde çagalara gerek bolan öýleriň we galjak ýerleriniň üpjün edilmegi üçin alyp barýan işlerinde maddy taýdan kynçylyklara sezewar galandyklaryny belledi we gyssagly ýagdaýda 33 million dollara zerurlygyň bardygyny habar berdi. 

UNICEF tarapyndan berilen beýanatda, gaznanyň bu gyşda Siriýa, Yrak, Iordaniýa, Liwan, Türkiýe we Müsürde ýaşaýan 1,3 million çaga hyzmat bermegi maksat edinýändigi mälim edildi. 

 


Etiketkalar: #UNICEF , #çaga

Degişli Habarlar