Tramp Russiýa-Ukraina dartgynlygy barada beýanat berdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygy azaltmak üçin Ýewropa bilen işleşjekdiklerini mälim etdi

1095542
Tramp Russiýa-Ukraina dartgynlygy barada beýanat berdi

Tramp, Russiýanyň Ukraina degişli harby gämilere od açmagy bilen bagly beren beýanatynda: “Başdan geçirilenleri halamadyk we meseläniň çözüljekdigine ynanýarys. Ýewropanyň nägiledigini bilýärin. Meseläniň üstünde işleýärler. Meseläniň üstünde hemmämiz bilelikde işleýäris” diýip belledi.

Ukrainanyň Odessa portyndan Mariupol portyna gitmek üçin 25-nji noýabrda ýekşenbe güni ýola çykan 3 ukrain harby gämisine garşy, rus harby gämileri, Russiýanyň suw giňişligini bozandygy sebäpli Azow deňizindäki Kerç bogazynyň golaýynda operasiýa geçirdi.



Degişli Habarlar