Russiýa Ukraina nota berdi

Russiýa Kerç bogazynda Ukrainanyň harby gämileri bilen Russiýanyň harby gämileriniň arasynda başdan geçirilen hadysa sebäpli Ukraina nota berdi

1095506
Russiýa Ukraina nota berdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Ukrainanyň Moskwadaky ilçisiniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ruslan Nimçinsko ministrlige çagyryldy.

Ukrainanyň harby gämileriniň 25-nji noýabrda Russiýanyň suw giňişliginde we Gara deňizde parahatçylykly kadalaryň düzgünini bozandygy sebäpli ukrainaly diplomatyň üsti bilen bu ýurda nota berildi.

Ukrainanyň Odessa portyndan Mariupol portyna gitmek üçin 25-nji noýabrda ýekşenbe güni ýola çykan 3 ukrain harby gämisine garşy, rus harby gämileri, Russiýanyň suw giňişligini bozandygy sebäpli Azow deňizindäki Kerç bogazynyň golaýynda operasiýa geçirdi.



Degişli Habarlar