Putin Ukrainada harby dolanşyk düzgüniniň yglan edilmegine çuňňur alada bildirýär

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Ukrainada harby dolanşyk düzgüniniň yglan edilmegine çuňňur alada bildirýändiklerini aýtdy

1095567
Putin Ukrainada harby dolanşyk düzgüniniň yglan edilmegine çuňňur alada bildirýär

Kremliň Mebugat gullugyndan berilen ýazmaça beýannamada liderleriň Kerç bogazynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda başdan geçirilen dartgynlyk boýunça telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi mälim edildi.

Telefon söhbetdeşliginde Ukrainany halkara hukuk kadalaryny bozmak bilen günäkärlän Putin; “Ukrainada harby dolanşyk düzgüniniň yglan edilmegine we goşunlaryň söweş pozisiýasyny eýelemegine çuňňur alada bildirýäris” diýdi.

Germaniýa tarapynyň başlangycy boýunça geçirilen telefon söhbetdeşliginde Putin: “Ukrainanyň gyssanmaç kararlary kabul etmeginiň öňüniň alynmagy üçin Germaniýanyň resmi Kiýewe töwellaçy bolmagyny tama edýäris” diýdi.

Ukraina Gara deňizde Kerç bogazynyň golaýynda rus harby gämileriniň Ukrainanyň harby gämilerine ýaragly hücüm guramagy sebäpli düýn agşam harby dolanşyk düzgünine geçdi.



Degişli Habarlar