Eýranda sil sebäpli 4 adam dereksiz ýitdi

48 sagatda 11 welaýatynda sil apatynyň başdan geçirlendigine üns çekildi

1094425
Eýranda sil sebäpli 4 adam dereksiz ýitdi

Eýranyň Gilan welaýatynda sil sebäpli 4 adam dereksiz ýitdi.

Fars habarlar gullugynyň berýän habarynda Gilan welaýatynda sil apaty sebäpli 4 adamyň dereksiz ýitendigi nygtaldy.

Habarda soňky 48 sagatda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýurduň 11 welaýatynda sil apatynyň başdan geçirlendigine üns çekildi.

Mazenderan, Loristan, Gilan, Kermanşah, Fars, Sistan-Belujistan, Huzistan ýaly 23 şäherde we etrapda silden soň gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar