Pakistanda medresäniň gapysyna goýlan bombanyň ýarylmagy netijesinde 25 adam ýogaldy

Partlamada 35 adam hem ýaralandy

1093486
Pakistanda medresäniň gapysyna goýlan bombanyň ýarylmagy netijesinde 25 adam ýogaldy

Pakistanda medresäniň gapysyna goýlan bombanyň ýarylmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä, 25 adam ýogaldy.

Howpsyzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, Haýber Pahtunwa welaýatynyň Hangu şäherinde medresäniň gapysyna goýlan bombanyň ýarylmagy netijesinde 35 adam hem ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleri ýaralananlaryň golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny habar berdi.

Partlamadan soň sebitde berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

 

 


Etiketkalar: #Pakistan , #medrese , #bomba , #partlama

Degişli Habarlar