Putin Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy bilen G20 maslahatynda duşuşyp biler

Russiýanyň hökümeti, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman bilen G20 maslahatynda duşuşyp biljekdigini mälim etdi

1092352
Putin Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy bilen G20 maslahatynda duşuşyp biler

Jemal Kaşykçy jenaýatyndan soň resmi Riýad, halkara jemgyýetiň ýakyn gözegçiliginde bolmagynda galýar. Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygynda edilen, Jemal Kaşykçy jenaýaty bütin dünýäniň gün tertibinde bolmagynda galýar.

Tankyt astynda bolan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman bolsa Kaşykçy jenaýatyndan soň, ilkinji daşary ýurt saparyny Argentina gurap, ol ýerde geçiriljek G20 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Kreml, Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putiniň, Jenaýaty ýerine ýetirmek barada buýruk berendigi öňe sürülýän Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman bilen Argentinada G20 maslahatynda duşuşyp biljekdigini habar berdi.

Bu duşuşykda Kaşykçy jenaýaty bilen birlikde, nebit bazarynyň hem ele alynmagyna garaşylýar.

G20 Liderler maslahaty, 30-njy noýabr-1-nji dekabr aralygynda Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde geçiriler.



Degişli Habarlar