Owganystanyň paýtagty Kabulda kamikaze hüjümi guraldy

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 50 adam ýogaldy

1091944
Owganystanyň paýtagty Kabulda kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda Muhammet Pygamberiň dogulan gijesi mynasybetli geçirilen dini çärede guralan kamikaze hüjüminde 50 adam ýogaldy.

Ýurdyň Saglygy goraýyş ministrligi, Kabul howa menzili ýolunyň ugrunda ýerleşýän toý mekanynda geçirilen dini çäräniň nyşana alynyp guralan kamikaze hüjüminde 50 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Wakada şeýle hem 85 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Içeri işler ministrligi, hüjümçiniň köp sanda dini adamyň gatnaşan dini çärede üstüne ýerleşdiren bombany partladandygyny habar berdi.

Prezidentiň metbugat sekretary Harun Çahansuri, Prezident Eşref Ganiniň hüjümi ýazgarandygyny we ýurtda milli ýas yglan edendigini mälim etdi.


Etiketkalar: #Owganystan , #hüjüm , #Kabul

Degişli Habarlar