Britaniýanyň Daşary işler ministri resmi sapar bilen Eýrana bardy

Resmi sapar bilen Eýrana baran Britaniýanyň Daşary işler ministri Hunt, paýtagt Tähranda eýranly kärdeşi Muhammed Jawad Zarif bilen duşuşdy

1091004
Britaniýanyň Daşary işler ministri resmi sapar bilen Eýrana bardy

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, Hunt bilen Zarif duşuşykda özara gatnaşyklar, ýadro ylalaşygynyň çäginde ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi we Eýran bilen edilýän söwda gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegi üçin ÝB-gi tarapyndan dörediljek ýörite maliýe mehanizmi barada pikir alyşdy.

Beýanatda Zarif bilen Huntuň şeýle hem sebitara meseleler bilen birlikde Ýemendäki çaknyşyklar barada pikir alyşandygy ýatladyldy.

 

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Britaniýa

Degişli Habarlar