Eýranyň Huzistan welaýatynda protest geçirildi

Eýranyň Huzistan welaýatyna degişli Şuş etrabyndaky şeker fabrikleriniň işgärleri aýlyklarynyň 3 aý bäri berilmezligini protest etdiler

1088767
Eýranyň Huzistan welaýatynda protest geçirildi

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä, Şuş etrabyndaky Heft Tepe şeker fabriginde işleýän ýüzlerçe adam, aýlyklaryny alyp bilmeýändikleri we sosial ýeňilliklerini ulanyp bilmeýändikleri sebäpli häkimligiň öňünde protest geçirdiler. 

Işgärler: "Siriýany goý bolsun et, bize seret, Heft Tepe etrabynyň işgärleridiris, ajykýarys we Howpdan we tussaghanadan gorkmaýarys" ýaly şygarlar aýtdylar. 

Demonstrasiýa maşgalalary bilen gatnaşan işgärler eýýäm 3 aý bäri aýlyklaryny almaýandyklaryny belleýärler. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Huzistan

Degişli Habarlar