ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň Deýrizorda guran howa hüjümlerinde 20 adam ýogaldy

ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň Siriýanyň Yrak serherinde ýerleşýän Deýrizor welaýatynyň gündogaryna guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan 20 adam ýogaldy

1087281
ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň Deýrizorda guran howa hüjümlerinde 20 adam ýogaldy

Howpsyzlyk güýçleriniň berýän habaryna görä, hyzmatdaş güýçleriniň Deýrizor welaýatynyň gündogarynda terror guramasy DAIŞ-iň basyp alyşlygy astynda bolan Hejjin etrabyn guran howa hüjümlerinde çagalar we zenanlar bilen birlikde azyndan 20 adam ýogaldy.

Hyzmatdaş güýçleriniň oktýabr aýynyn 18-25-i aralygynda welaýatyň Hejjin etrabyna we Süse etrapçasyndaky metjitlere guran howa hüjümlerinde hem asuda ilatdan 53 adam ýogalypdy.

Hyzmatdaş güýçleriň metjide guralan hüjümlerde DAIŞ-iň nyşana alynandygyny aýdypdy.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK bolsa ABŞ-nyň goldaw bermeginde Ýefrat derýasynyn gündogarynda Deýrizoryň günbataryny we gündogaryny basyp alýar.

ABŞ howadan, Fransiýa bolsa gury ýerden guraýan hüjümleri bilen ÝPG/PKK-a goldaw berýär we 11-nji sentýabrdan bäri DAIŞ-i Deýrizordan dolulygyna çykarmagy maksat edinýär.

Siriýanyň territoriasynyň 28 göterime golaýy terror guramasy ÝPG/PKK-nyň basyp alyşlygy astynda.

Siriýanyň territoriasynyň 3,3 göterimi bolsa DAIŞ-iň basyp alyşlygy astynda.


Etiketkalar: #ABŞ , #howa hüjümi

Degişli Habarlar