Putin Fransiýada saparda bolýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin: “Ýewropa güýçli ykdysady gurama we hyzmatdaşlyk. Şol sebäpli agza ýurtlaryň goranyş hem-de howpsyzlyk ugurlarynda garaşsyz we özygtyýarly bolma islegi iňňän tebigy zat” diýdi

1085812
Putin Fransiýada saparda bolýar

1-nji Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Pariže baran Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Russiýa Todaý Fransiýanyň” soraglaryna jogap berdi.

Putin, Fransiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Emmanuel Makron tarapyndan golaýda ýaňadandan gün tertibine getirilen “Ýewropa goşunynyň döredilmegi” baradaky pikir bilen bagly soraga; “Ýewropa güýçli ykdysady gurama we hyzmatdaşlyk. Şol sebäpli agza ýurtlaryň goranyş hem-de howpsyzlyk ugurlarynda garaşsyz we özygtyýarly bolma islegi iňňän tebigy zat. Onuň köp taraply dünýäde oňyn wakadygyny pikir edýärin” diýdi.

Putin şol çäkde Fransiýanyň möhüm pozisiýa eýeleýändigini nygtap, Ýewropa goşuny pikiriniň NATO alternatiw bolup biljekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar