Polşada "Anakonda 2018" atly harby türgenleşik geçirilýär

Polşanyň "Anakonda 2018" atly harby türgenleşigi NATO agza 10 ýurdyň we takmynan 17 müň 500 esgeriň gatnaşmagynda öz işine başlady

1084771
Polşada "Anakonda 2018" atly harby türgenleşik geçirilýär

Polşa, Estoniýa, Latwiýa, Litwa ýaly ýurtlaryň gatnaşmagynda Baltika deňizinde başlan türgenleşige Polşadan 12 müň 500 esger, NATO ýurtlaryndan bolsa takmynan 5 müň esger gatnaşýar.

Türgenleşige 5 müň harby tehnika, 45 harby gämi we 150 uçar gatnaşýar.

Türgenleşigiň esasy maksady, Polşanyň Ýaragly güýçleriniň tälimini gözden geçirmek we döwrebap howplara garşy milli güýçler bilen NATO agza ýurtlaryň harby güýçleriniň arasynda koordinasiýany artdyrmakdan ybarat.

Hiç bir ýurdyň nyşana alynmandygy we dolulygyna goranyş maksatlydygy aýdylýan türgenleşigiň NATO-nyň gündogar serhedinde, Russiýa serhetdeş bolan ýurtlar bilen geçirilmegi ünsleri özüne çekýär.

Polşanyň NATO agza ýurtlar bilen geçirýän türgenleşigiň 17-nji noýabra çenli dowam etjekdigi beýan edildi.

Polşanyň Ýaragly güýçleri 2006-njy ýyldan bäri her 2 ýyldan 1 gezek Anakonda türgenleşigini geçirýär.


Etiketkalar: #Polşa , #türgenleşik

Degişli Habarlar