Awstraliýada ýer titremesi boldy

Awstraliýada 5 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Awstraliýada ýer titremesi boldy

ABŞ-niň Geologiýa ylmy-barlag merkeziniň berýän maglumatyna görä, Günbatar Awstraliýa welaýatynyň günortasyndaky Muir kölüniň golaýynda ýeriň 10 km aşagynda ýer titremesi emele geldi.

Ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmedik tebigy hadysadan soň, Awstraliýanyň Meteorologiýa býurosy tarapyndan berilen beýanatda sunami howpunyň ýokdugy mälim edildi.

Şu gün irden bolan ýer titremäniň güýç merkezine takmynan 150 km uzaklykda ýerleşýän Kožonup şäherçesinde we onuň töweregindä ýaşaýyş ýerlerinde hem duýulandygy habar berildi.



Degişli Habarlar