Kamerunda zamun alynan çagalar azat edildi

Kamerunda zamun alynan 78 okuwçy we 1 sürüji azat edildi

1083244
Kamerunda zamun alynan çagalar azat edildi

Mekdebiň müdüriniň we 1 mugallymyň entegem zamundadygy mälim edildi. 

Preswiterian buthanasynyň ruhanysy Samuel Fonki: "Taňra şükür edýäris, 78 çaga we mekdebiň müdüri azat edildi. Emma müdir bilen 1 mugallym entegem azat edilmedi. Doga etmegimizi dowam etdireliň" diýdi. 

Kamerunyň ýerli metbygatynda berilen habarlarda, ýurdyň iňlis dilinde gürleşýän Anglofon günorta-günbatar sebitinde, aralarynda köp sanda okuwçy bolan jemi 81 adamyň zamun alynandygy mälim edilipdi. 

Kamerunly separatistleriň ýaşaýan ýerinde bolan wakanyň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap bolmady

 


Etiketkalar: #Kamerun , #çaga , #zamun

Degişli Habarlar