Bolton: “Eýrana has agyr sanksiýalar goýarys”

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton “Eýrana häzirkiden has agyr sanksiýalaryň goýuljakdygyny” aýtdy

1082223
Bolton: “Eýrana has agyr sanksiýalar goýarys”

Jon Bolton ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyndan maý aýynda çekilmegi sebäpli tapgyrlaýyn häsýetde yzyna getirilen sanksiýalar barada “Fox Nýus” teleýaýlymyna beýanat berdi.

Bolton; “Eýrana hazirki goýan sanksiýalarymyza has agyryny goýarys. Ozalky prezident Barak Obama döwründe goýulan sanksiýalaryň çägi bilen çäklenmeris” diýdi.

Eýrana garşy goşmaça çäreleriň görüljekdigini nygtan Bolton; “Has agyrlar sanksiýalar goýular” diýdi.

Trampyň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan bir taraply çekilmeginden soň ABŞ-nyň Gazna ministrligi Eýrana garşy sanksiýalaryň 90 we 180 günlük iki tapgyr bilen ýaňadandan goýuljakdygyny beýan edipdi. Şol çäkde 90 günden soň ilkinji sanksiýalar 7 awgustda başlapdy, ikinji sanksiýa tapgyry bolsa düýn resmi taýdan güýje girdi.


Etiketkalar: #Jon Bolton , #Eýran , #sanksiýa

Degişli Habarlar