Eýranyň Prezidenti ABŞ-niň embargosy bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-niň ýurduna garşy girizen embargolaryny ykrar etmejekdiklerini we nebit satmaklaryny dowam etdirjekdiklerini habar berdi

1081589
Eýranyň Prezidenti ABŞ-niň embargosy bilen bagly beýanat berdi

Hasan Ruhani Eýranyň döwlet telewideniýesine beren beýanatynda, ABŞ-niň şu gün güýje giren embargolary bilen bagly beýanat berdi.

ABŞ-niň Eýranyň nebit eksportyny doly ýagdaýda ortadan aýyrmak isleýändigini aýdan Ruhani: “Nebit satmagymyzy dowam etdireris, ABŞ-niň embargolaryny ýok hökmünde hasap edýäris” diýip belledi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň şu ýylyň maý aýynda Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan birtaraplaýyn häsýetde çekilmeginden soň, girizen embargolaryň 2-nji etaby Türkiýäniň wagty bilen sagat 08:00-da güýje girdi.


Etiketkalar: #Hasan Ruhani , #Eýran , #embargo

Degişli Habarlar