Zarif: “Eýran Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isleýär”

Zarif žurnalistlere beren beýanatynda Eýran-Saud Arabystany gatnaşyklary barada durup geçdi

1079464
Zarif: “Eýran Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isleýär”

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif Saud Arabystany sebitleýin syýasatyny seljermek islän halatynda ýurdunyň oňa taýardygyny beýan etdi

Zarif žurnalistlere beren beýanatynda Eýran-Saud Arabystany gatnaşyklary barada durup geçdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýýrin Eýranyň degişli ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirendigi baradaky habarlaryň hakykaty beýen etmeýändigini aýdan Zarif: “Saud Arabystany sebitleýin syýasatyny seljermek islese we şeýle karara gelen halatynda Eýran oňa doly taýar. Çünki biz goňşularymyz bilen gowy gatnaşyk etmek isleýäris. Goňşularymyz şu günki güne çenli Eýran bilen dartgynlykdan bähbit görmedi. Şol syýasatlaryndan el çekmeklerini tama edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar