ABŞ-de sinagoga guralan hüjümde 11 adam ýogaldy

Hüjümden soň Nýu-Ýorkdaky sinagoglara howpsyzlyk güýçleri ornaşdyryldy

1077007
ABŞ-de sinagoga guralan hüjümde 11 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherinde sinagoga guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 11 adam ýogaldy.

Pittsburg şäheriniň Döwlet howpsyzlyk edarasynyň müdüri Wendell Hissriç hüjümde şeýle hem 4-si polisiýa işgäri bolan 6 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Resmiler 46 ýaşyndaky amerikan raýaty Robert Bowers atly hüjümçiniň göz tussaglygyna alynandygyny we hassahana alynyp gidilendigini mälim etdiler.

Amerikan mediasynda berilýän habarlarda hüjümçiniň ozal eden-etmişiniň bolmandygyny we hüjümde “Ähli ýewreýler ölmeli” diýip gygyrandygy beýan edildi.

Hüjümi ýazgaran we hüjümçä ölüm jezasynyň berilmelidigini aýdan ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Indianapolisde beren beýanatynda, hüjüm bilen baglanşykly “elhenç, ynanmak kyn, akyla sygmaýan ýewreý duşmançylygy” sözlerini ulandy.

6-njy noýabrdaky aralykdaky saýlawlardan ozal daýhanlara ýüzlenip çykyş eden Tramp, çykyş edýärkä ýanyna bir ruhany bilen bir rawwini çagyryp, hüjümde ýogalan adamlar üçin doga etmeklerini isledi.

Hüjümden soň Nýu-Ýorkdaky sinagoglara howpsyzlyk güýçleri ornaşdyryldy.



Degişli Habarlar