Lawrow siriýaly oppozisioneri kabul etdi

Kabul edilşikde Siriýadaky soňky ýagdaý bilen birlikde Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmegi meselesi seljerildi

1076601
Lawrow siriýaly oppozisioneri kabul etdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýaly oppozisionleriň Ýokary gepleşik toparynyň başlygy Nasr Hariri bilen Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmegi barada pikir alyşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda ministr Lawrowyň siriýaly oppozisioneri kabul edendigi nygtaldy.

Kabul edilşikde Siriýadaky soňky ýagdaý bilen birlikde Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmegi meselesiniň seljerlendigi nygtaldy.

Beýanatda Russiýanyň Siriýanyň özbaşdaklygyna, garaşsyzlygyna we territorial bitewiligine goldaw berýändigi ýatladyldy.

Beýanatda kabul edilşige Russiýanyň Prezidentiniň Wladimir Putiniň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanowyň hem gatnaşandygy nygtaldy.

 

 



Degişli Habarlar