Saud Arabystanynyň Şasy, Jemal Kaşykçy wakasy barada beýanat berdi

Saud Arabystanynyň Şasy Selman bin Abdülaziz, ýurdunyň Stambuldaky başkonsullykda öldürilen Jemal Kaşykçy wakasy bilen bagly ähli jogapkärçilikleriň hasabyny berjekdigini mälim etdi

1074217
Saud Arabystanynyň Şasy, Jemal Kaşykçy wakasy barada beýanat berdi

Saud Arabystanynyň Şasy Selmanyň, Jemal Kaşykçynyň maşgalasy bilen duşuşjakdygy mälim edildi.

Şa Selman we Mirasdar Şazada Muhammed bin Selman, Kaşykçynyň maşgalasyna telefon arkaly jaň edip, gynanjyny bildiripdi.

Washington Post gazediniň işgäri saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy, 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda sişenbe güni resmi işler üçin Saud Arabystanynyň Stambuldaky başkonsullygyna gireninden soň dereksiz ýitipdi.

Saud Arabystanynyň hökümeti 20-nji oktýabrda Kaşykçynyň konsullyk binasynda başdan geçirilen gowganyň netijesinde ölendigini beýan edipdi.

Ýurdyň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, şu gün partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda eden çykyşynda, Kaşykçynyň planly ýagdaýda öldürilendigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar