Owganystanda geçirlen saýlawlara bolan gatnaşyk gaty pes boldy

“Taliban tarapyndan abanýan howp sebäpli käbir welaýatlarda saýlawa bolan gatnaşyk pes boldy”

1073353
Owganystanda geçirlen saýlawlara bolan gatnaşyk gaty pes boldy

Owganystanda düýn we öňňin geçirlen saýlawlara bolan gatnaşyk gaty pes boldy.

Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Abdul Badi Saýýad saýlaw barada beren beýanatynda saýlawa bolan gatnaşygyň garaşylşyndan pes bolandygyny aýtdy.

Paýtagt Kabulda bir milliondan gowrak saýlawçynyň ses berendigini aýdan Saýýad “Saýlawlara bolan gatnaşyk Kabul, Farýab, Gerat, Daýkundi we Nangarhar welaýatlarynda has ýokary boldy” diýdi.

Ýurtda bellige alynan 8,8 million saýlawçydan 4 millionynyň ses berendigini aýdan Saýýad 5074 saýlaw merkezinden bolsa diňe 4567-siniň açylandygyny ýatlatdy.

Saýlaw günlerinde Talibanyň guran hüjümlerine ünsi çeken Saýýad “Taliban tarapyndan abanýan howp sebäpli käbir welaýatlarda saýlawa bolan gatnaşyk pes boldy” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar