Hytaýda kömür käninde partlama boldy

Partlamada 22 işçiniň harabalygyň aşagynda galandygy habar berildi

1072550
Hytaýda kömür käninde partlama boldy

Hytaýda kömür käninde bolan partlamada 22 işçiniň harabalygyň aşagynda galandygy habar berildi.

Hytaýyň merkezi telewideniýesiniň berýän habaryna görä, ýurduň gündogarynda ýerleşýän Şangdong welaýatynyň Ýünçyng etrabynda düýn ýary gije kömür käninde partlama boldy.

Kömür käninde işleýän 334 işçiden 312-si halas edildi, 22 işçi bolsa kömür käninde harabalygyň aşagynda galdy.

Partlamanyň sebäbi heniz doly bilinmeýär.

Harabalygyň aşagynda galan işçileriň halas edilmegi üçin gözleg we halas ediş işleri başlady.

 



Degişli Habarlar