Germaniýa Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi sebäpli Saud Arabystanyny ýazgardy

“Jemal Kaşykçynyň zulum edilmegi netijesinde öldürilmegine gynanç bildirýäris”

Germaniýa Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi sebäpli Saud Arabystanyny ýazgardy

Germaniýa Saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi sebäpli Saud Arabystanyny ýazgardy.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Daşary işler ministri Maas, Kaşykçynyň öldürilmegini berk ýazgarýandyklaryny we Saud Arabystanynyndan waka hakynda maglumata garaşýandyklaryny mälim etdi.

Merkel bilen Maas tarapyndan berlen bilelikdäki ýazmaça beýanatda “Jemal Kaşykçynyň zulum edilmegi netijesinde öldürilmegine gynanç bildirýäris” diýildi.

Beýanatda Kaşykçynyň hossarlaryna gynanç bildirildi “Wakany berk ýazgarýys. Saud Arabystanyndan waka hakynda aç-açan maglumata garaşýarys” diýildi.

Beýanatda wakanyň jogapkärleri hakynda kazyýet işiniň gozgalmalydygy nygtaldy we Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Başkonsullygy tarapyndan waka hakynda berlen maglumatlaryň ýeterlik bolmandygy ýatladyldy.

Saudy hökümeti 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Başkonsullygyna girenden soň habar alynmadyk Kaşykçynyň “konsullykda başdan geçirlen gowgada ýogalandygyny” mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar