Yragyň günortasynda hapa suw içip zäherlenen adamlaryň sany günsaýyn artýar

Yragyň günortasyndaky nebite baý ýer bolan Basra welaýatynda hapa suw içip zäherlenen adamlaryň sany 114 müňe ýetdi

1072392
Yragyň günortasynda hapa suw içip zäherlenen adamlaryň sany günsaýyn artýar

Yragyň Mejlisiniň düzümindäki Adam hukuklary komissiýasynyň Basra ofisi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, welaýatda hapa suw içip, zäherlenen adamlaryň sanynyň 114 müňe ýetendigi habar berildi.

Beýanatda tomus aýyndan bäri dowam edýän bu meseläniň çözgüde gowuşmagy üçin merkezi hökümete we ýerli dolanşyga çagyryş berildi.

Komissiýa soňky gezek bolsa 22-nji sentýabrda Basrada hapa suw içip, zäherlenen adamlaryň sanynyň 80 müňdigini habar beripdi.

Basranyň suwy Tigr we Ýewfrat derýalarynyň birikýän ýeri bolan Şattülarap diýilen ýerden üpjün edilýär.

Soňky wagtlarda suwda artan tozanyň derejesi we daşky gurşawyň hapalagy bilen, ony arassalajak ýeterlik derejede desganyň bolmazlygy sebäpli zäherlenme wakalary örän artdy.


Etiketkalar: #Yrak , #Basra , #suw , #zäherlenmek

Degişli Habarlar