Russiýa ABŞ-niň Siriýanyň demirgazygyndaky hereketlerine alada bildirýär

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, ABŞ-niň kürt hyzmatdaşlary bilen Siriýanyň demirgazygynda Döwlete meňzeş bir gurluş emele getirmäge synanyşýandygyny belläp: “Russiýa bu hereketlere alada bildirýär” diýip belledi

1071055
Russiýa ABŞ-niň Siriýanyň demirgazygyndaky hereketlerine alada bildirýär

Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwada geçiren metbugat ýygnagynda Siriýadaky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

Siriýanyň demirgazygyndaky ýagdaýyň aladalandyryjy bolmaga başlandygyny aýdan Zaharowa: “ABŞ kürt hyzmatdaşlary bilen Siriýanyň demirgazygynda Döwlete meňzeş bir gurluş emele getirmäge synanyşýar” diýip belledi.

Bular ýaly hereketleriň täsirli bolmandygyna we ýerli ilatyň nägileliklerine sebäp bolýandygyna ünsleri çeken Zaharowa: “Russiýa bu hereketlere alada bildirýär” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, birnäçe wagt ozal fransuz ýaýlym organlaryna beren beýanatynda, ABŞ-niň Siriýada kürtleri ulanýandygyny belläp: “ABŞ Siriýada Kürdistan taslamasy bilen howply oýun oýnaýar” diýip nygtapdy.



Degişli Habarlar