9 adamdan biri aç, 8 adamdan biri semiz

150 million çaga ýeterlik iýmitlenmeýändigi sebäpli ejir çekýär

1069356
9 adamdan biri aç, 8 adamdan biri semiz

Bu kesitleme BMG-niň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň Türkiýedäki ofisiniň Aragatnaşyk bölüminiň başlygy Martin Panner tarapyndan beýan edildi.  

Global açlygyň ýaýbaňlanýandygyny nygtan Penner; “BMG-niň sentýabr aýynda çap eden görkezijilerine görä geçen ýyl dünýä boýunça aç adamlaryň sany artyp, 821 million adama ýetdi. Başga bir söz bilen aýdylanda 9 adamdan biri aç” diýdi.

Panner çagalaryň ösüşiniň kadasyzlygyndan kämillik ýaşdaky semizlige çenli ýüzlerçe million adamyň saglygyna howp abanýandygyny aýtdy.

Açlygyň soňky üç ýylda has-da artyp, 10 ýyl ozalky derejä ýetendigine ünsi çeken Penner; “Günorta Amerikada we Afrikanyň köp sanly ý urdunda şertler hasam agyrlaşýar. BMG-niň “Dünýäde azyk howpsyzlygy we iýmitleniş şertleri” baradaky habarnamasynda howa çalşygynyň ýagyşyň görnüşlerine we ekerançylyk möwsümlerine täsir ýetirendigi, şeýle-de gurakçylyk we sil ýaly howa şertlerine bagly wakalaryň hem çaknyşyklar hem-de ykdysady durgunlyklar bilen bilelikde açlygyň artmagyna sebäp bolan esasy faktorlary ýüze çykardy” diýdi.

Aziýada 515 million, Afrikada 256,5 million, Latyn Amerikada we Karaiplerde 39 million adam açlykdan ejir çekýar.

Kämillik ýaşyndaky semizleriň sany dünýä boýunça 672 milliona barabar bolan blsa, şol mukdar her bir kämillik ýaşyndaky adamdan biriniň semizdigini anladýar.

Dünýäde 5 ýaşyndan aşakda bolan 38,3 milion çaga agramy bolmasyndan ýokary bolanlaryň hatarynda.


Etiketkalar: #açlyk , #Aziýa , #Afrika

Degişli Habarlar