Eýran ABŞ-nyň nebit sanksiýalaryndan el çekmelidigini beýan etdi

Eýran nebit bazarynda önümçilik ýetmezçiliginiň bardygyny we nebitiň nyrhynyň aşakladylmagy üçin ABŞ-nyň Eýrandan nebit alynmagyna goýan sanksiýasyny bes etmelidigini habar berdi

1069939
Eýran ABŞ-nyň nebit sanksiýalaryndan el çekmelidigini beýan etdi

Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene paýtagt Tägranda geçirilen Eýranyň 4-nji Nebit we energetika maslahatynyň açylyşyna gatnaşdy.

Zengene maslahatda sözlän sözünde Eýrandan nebit alynmagyna ABŞ tarapyndan goýulan sanksiýalara garşy ÝB bilen gepleşikler geçirendiklerini, emma giňişleýin maglumat bermejekdiklerini aýtdy.

Eýranly Talyplar Habarlar Gullugy “İSNA-nyň” habar bermegine görä Amerikan hökümetiniň syýasatlary sebäpli halkara nebit bazarynda ýetmezçiligiň bardygyny nygtap; “NEbit bazaryndaky deňagramlygyň bozulmagynyň we nyrhlaryň ýokarlamagynyň sebäbi Amerikanyň goýan sanksiýalary. Nebitiň nyrhynyň aşaklamagyny isleýän bolsaňyz sanksiýalary bes ediň” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň nebit öndürýän ýurtlara hemle atyp, diýdim zorluk bilen nebitiň nyrhyny aşaklatmaga synanşýandygyny aýdan Zengene, şol sebäpli hemmeleriň nebit bazarynyň geljegine aladaly garaýandygyny beýan etdi.

 


Etiketkalar: #Eýran , #nebit

Degişli Habarlar