Belgiýada ýerli saýlawlar geçirilýär

Belgiýada saýlawçylar 6 ýyl arakesmeden soň ýerli saýlawlar üçin ses berýärler

1068359
Belgiýada ýerli saýlawlar geçirilýär

Saýlawlara 400-den gowrak belgiýaly türk, tapawutly syýasy partiýalaryň adyndan gatnaşýarlar.

Saýlawlarda türk syýasatçy Merýem Kaçar tarapyndan esaslandyrylan “Birlik bol” partiýasy hem bäsleşýär.

20 müňden gowrak belgiýaly türkiň ýaşaýan ýeri bolan ýurdyň Gent şäherinde tapawutly partiýalaryň sanawlarynda 49 türk dalaşgär bar.

8 milliondan gowrak saýlawçy bolan Belgiýada 10 sebitde we 581 etrapda, takmynan 13 müň etrap mejlsiniň agzasy bilen sebitleýin wekiller kesgitlener.


Etiketkalar: #Belgiýa , #saýlawlar

Degişli Habarlar