Britaniýa bilen Russiýanyň arasynda täze diplomatik krizis ýüze çykdy

“Iňlis hökümeti Britaniýa gelmek üçin diplomatlarymyza wiza bermeýär”

1068070
Britaniýa bilen Russiýanyň arasynda täze diplomatik krizis ýüze çykdy

Britaniýanyň rus diplomatlara wiza bermejekdigini mälim etmegi sebäpli Russiýa hem britaniýaly diplomatlara wiza bermejekdigini habar berdi.

Britaniýa bilen Russiýanyň arasynda täze diplomatik krizis ýüze çykdy.

Russiýanyň Britaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksander Ýakowenko mart aýynda iki ýurduň arasynda başdan geçirlen Skripal krizisi sebäpli Britaniýanyň ugradylan rus diplomatlaryň yzyna gelmegine rugsat bermändigini mälim etdi.

Ilçi Ýakowenko “Iňlis hökümeti Britaniýa gelmek üçin diplomatlarymyza wiza bermeýär” diýdi.

Bu wakadan soň Russiýanyň Federassiýa geňeşiniň Halkara komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçew mesele barada beýanat berdi.

Meseläni diplomatiýa arkaly çözmäge çalyşýandyklaryny aýdan Kosaçew “Mesele diplomatiýa arkaly çözülmän halatynda biz hem iňlis diplomatlaryna wiza  meselesinde edil özleri ýaly jogap bereris”diýdi.

 

 


Etiketkalar: #diplomatik , #krizis , #wiza

Degişli Habarlar