Meksikada syýahatçylary goramak üçin Žandarma bazasy döredildi

Meksikanyň Karib deňiziniň kenaryndaky Kankun şäherinde artan jenaýatçylykly hüjümler sebäpli 2 müň 850 žandarmadan ybarat, baza döredildi

1065963
Meksikada syýahatçylary goramak üçin Žandarma bazasy döredildi

Meksikanyň Döwlet baştutany Enrike Pena Nieto, Kankun şäherine gelýän syýahatyçylaryň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen 2 müň 850 žandarmadan ybarat bazanyň resmi açylyşyny ýerine ýetirdi.  

Nieto ol ýerde eden çykyşynda: “Kankun we okuň golaýyna gelýän millionlarça syýahatça iň laýyk ýagdaýda howpsyzlyk şertleri döredilmeli” diýdi.

Kankun şäheriniň degişli bolan ýurdyň Kintana-Roo ştatynyň gubernatory Karlos Hoakin Gonsales bolsa öz gezeginde: “Jenaýatçylar, asudalygymyzy bozdy, edaradyr guramalarymyzy gowşatdy, jemgyýetçilik we maşgala gymmatlyklarymyzy bozdy” diýip belledi.

Kankunda 2018-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda 342 aýry jenaýatçylykly aksiýa edildi, bu san 2017-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda 148 bolandygy habar berildi.

Kankun şäherinde geçen aý meksikaly 2 esgeriň jesedi tapylypdy.



Degişli Habarlar