Ukrainada NATO agza ýurtlaryň gatnaşmagynda türgenleşik geçirilýär

Ukrainada NATO agza ýurtlaryň gatnaşmagynda Açyk Asman 2018 atly türgenleşik geçirilýär

Ukrainada NATO agza ýurtlaryň gatnaşmagynda türgenleşik geçirilýär

Ukrainanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ýurdyň orta we günbatar sebitlerinde ýerleşýän Hmelintiski we Winnitsýa diýilen ýerlerinde başlan türgenleşige Ukraina bilen birlikde ABŞ, Britaniýa, Belgiýa, Daniýa, Estoniýa, Gollandiýa, Polşa we Rumyniýa ýaly ýurtlaryň gatnaşýandygy habar berildi. 

Beýanatda türgenleşigiň, uçuş ekipažynyň ABŞ we NATO agza beýleki ýurtlaryň ekipažy bilen umumy uçuş mümkinçiliklerini artdyrmak we bellenen wezipäni bilelikde ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilýändigi mälim edildi. 

Türgenleşik 19-njy oktýabra çenli dowam eder. 

 


Etiketkalar: Ukraina , türgenleşik

Degişli Habarlar