Eýranly söwdagärler ýurtdaky ykdysady kynçylyklary protest etmek üçin dükanlaryny ýapdylar

İnternetdäki sosial saýtlarda ýaýradylan wideo ýazgylarda paýtagt Tähran bilen birlikde Töwriz, Kirmanşah we Yspyhan ýaly käbir şäherlerde söwdagärleriň dükanlaryny ýapandygy görülýär

1064757
Eýranly söwdagärler ýurtdaky ykdysady kynçylyklary protest etmek üçin dükanlaryny ýapdylar

Golaýda sosial media arkaly “16 mehr (8-nji oktýabr) Protesti” şygary bilen edilen dükanlary ýapma aksiýasynyň geçirilmegi baradaky çagyryşa ýurduň dürli şägerlerinden käbir söwdagärleriň goşulandygy habar berilýär.

Eýranyň Maşat şäherinde geçen ýylyň dekabr aýynda ykdysady kynçylyklar sebäpli başlan, soň Yspyhan bilen birlikde köp sably şäherde dowam eden protest aksiýalarynda 25 adam ýogalypdy.

Ýurtda walýuta kurslaryň hümmetiniň aşa ýokarlamagy sebäpli geçen aýlarda Tähranyň esasy söwda merkezlerinden “Uly Bazaryň” satygçylary hem dükanlaryny ýapypdy we ol ýurtda täze aksiýalaryň başlamagyna sebäp bolupdy.


Etiketkalar: #Eýran , #dükan

Degişli Habarlar