Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy, Donald Trampa jogap berdi

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman, ýurdunyň ABŞ-den 30 ýyl öň hem bardygyny we ýurdunyň howpsyzlygy üçin hiç hili pul tölemejekdigini nygtady

1063505
Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy, Donald Trampa jogap berdi

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy, Bloomberg telewideniýesine beren beýanatynda, ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystany bilen baglanşykly sözlerine jogap berdi.

“Saud Arabystany 1744-nji ýylda esaslandyryldy. Saud Arabystany ABŞ-den 30 ýyl ozal hem bardy” diýen Muhammed Bin Selman, Trampyň soňky beýanatynyň ýerlikli bolmandygyny belledi.

Mirasdar Şazada: “Saud Arabystany howpsyzlygy üçin hiç hili pul tölemez. ABŞ-den alan ähli ýaraglarymyzyň puluny berdik. Bular mugt berilen ýaraglar däl” diýip nygtady.

Muhammed bin Selman: “ABŞ-niň Prezidenti bilen işleşmegi halaýaryn. Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar 99 göterim gowy bolsa, 1 götermlik mesele gün tertibe geldi” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp geçen hepde beren beýanatynda Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziziň ABŞ-nyň harby goldawy bomazdan iki hepde-de häkimiýetini ýitirjekdigi barada duýduryş beripdi.



Degişli Habarlar