Ysraýylyň ýaragly güýçleri saglygy goraýyş çadryny nyşana aldy

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň serhet ýakasyndaky saglygy goraýyş merkezini nyşana alandygyny habar berdi

1063143
Ysraýylyň ýaragly güýçleri saglygy goraýyş çadryny nyşana aldy

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al Kudra Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň Gazanyň günorta gündogaryndaky Huza obasynda serhet ýakasyndaky saglygy goraýyş merkezi hökmünde hyzmat edýän çadyry nyşana alandygyny aýtdy.

Beýanatda hüjümiň nähili ýagdaýda guralandygy barada bolsa maglumat berilmedi emma hüjüm sebäpli saglygy goraýyş merkezine zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Beýanatda hüjümde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bolup bolmandygy barada hem maglumat berilmedi.

 

 


Etiketkalar: #Palestina , #beýanat , #Ysraýyl

Degişli Habarlar