“Eýran Siriýadan çekilmeli”

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel “Eýran Siriýadan çekilmeli” diýdi

1062801
“Eýran Siriýadan çekilmeli”

Resmi sapar bilen Ysraýyla baran Angele Merkel Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bilen Gündogar İýerusalimde bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Merkel “Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüniň alynmagy meselesinde Ysraýyl bilen ylalaşyk gazandyk. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Eýranyň Siriýadaky operasiýalary barada pikir alyşdyk. Eýranyň sebitde iş alyp barmagyny islemeýäris we Eýran Siriýadan çekilmeli” diýdi.

Beýanatynda Ysraýylyň ýehudi ýaşaýyş ýerleri barada hem durup geçen Merkel “Iki döwletli çözgüdi bökdeýän ýehudi ýaşaýyş ýerleriniň gurluşygynyň dowam etdirilmegi baradaky syýasatyna alada bildirýärin” diýdi.

Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu bolsa Germaniýanyň Federal Kanslerine Eýran bilen 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyndan çekilmek barada çagyryş berdi “Men terrory goldaýan döwlete milliardlarça dollar gazandyrýan şol ýadro ylalaşygyna garşy” diýdi.

Ysraýylyň Premýer ministri “iki döwetli çözgüt” ýada “Palestina bilen parahatçylyk” temalary barada garaýyş beýan etmekden bolsa gaça durdy.

 


Etiketkalar: #Germaniýa , #Eýran , #Siriýa

Degişli Habarlar