ABŞ Hindistana sanskiýa goýmak bilen hemle atdy

ABŞ Hindistana Russiýa bilen şertnama baglaşan halatynda sanskiýa goýjakdygy barada duýdyryş berdi

1062376
ABŞ Hindistana sanskiýa goýmak bilen hemle atdy

 

ABŞ Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almagy meýilleşdirýän Hindistana Russiýa bilen şertnama baglaşan halatynda sanskiýa goýjakdygy barada duýdyryş berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň ýolbaşçylaryndan biri “Ze Hindu” atly habar saýtyna beren beýanatynda Hindistan Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn alan halatynda “ABŞ-nyň duşmanlaryna garşy sanskiýa arkaly göreşmek kanuny CAATSA-nyň” çäginde Eýran, Demirgazyk Koreýa bilen Russiýa bilen söwda edýän ýurtlara goýşy ýaly Hindistana sanksiýa goýar”diýdi

Ýolbaşçy “ähli hyzmatdaşlarymyza Russiýa bilen CAATSA-nyň çäginde sanskiýalara sebäp bolup biljek söwdadan ýüz öwürmekleri barada çagyryş berýäris” diýdi.

Hindi çemşeler hem Amerikan hökümetiniň birnäçe wagtdan bäri Hindistana Russiýa bilen goranyş senagatynda edýän hyzmatdaşlygyny azaltmagy barada basyş edýändigini nygtaýar.

Şol çeşmeler Hindistanyň bolsa S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almak baradaky niýetini açyk aýdyň beýan edendigine ünsi çekýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy ýaňky ýakynda Hindistanyň ABŞ-dan 18 milliard dollarlyk goranyş enjamlaryny satyn almak üçin talap bildirendigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar