ABŞ-da F-35B kysymly harby uçar heläkçilige uçrady

Uçaryň uçarmanynyň saglyk ýagdaýy barada maglumat berilmedi

1058994
ABŞ-da F-35B kysymly harby uçar heläkçilige uçrady

ABŞ-nyň Howa güýçleriniň degişli F-35B kysymly harby uçar heläkçilige uçrady.

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Günorta Karolina ştatynda Deňiz güýçlerine degişli Beaufort howa bazasyndan uçan uçar bilen harby merkeze 8 kilometr galanda aragatnaşyk kesildi.

Uçaryň uçarmanynyň saglyk ýagdaýy barada maglumat berilmedi.

Habarda uçar heläkçiliginiň täze nesil F-35B uçarlarynyň ilkinji heläkçiligidigine üns çekildi.

F-35B uçarlarynda ýygy-ýygydan tehniki näsazlyklaryň ýüze çykýandygy nygtalýar.

2016-njy ýylyň oktýabr aýynda hem şol harby merkezden uçan F-35B kysymly uçaryň dwigateli ýanypdy we uçarman soňky pursatda halas bolupdy.

ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine degişli F-35B kysymly harby uçar şu hepde ilkinji gezek Owganystanda Talibana garşy harby guralan howa hüjüminde ulanylypdy.

                           

 

 



Degişli Habarlar