Eýranda bir günlik milli ýas yglan edildi
Eýranyň Ministrler kabinetiniň mejlisi Huzistan welaýatynyň Ahwaz şäherindäki terrorçylykly hüjüm sebäpli ýurtda bir günlik milli ýas yglan etdi
Eýranyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanatda, şenbe güni Ahwaz şäherinde guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň, ýurtda bir günlik milli ýas yglan edendigini habar berdi.
Wakada ýogalan adamlaryň şu gün geçiriljek çäre bilen jaýlanjakdygy aýdylýan beýanatda, wakada ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirildi.
Eýranyň Huzistan welaýatynyň Ahwaz şäherinde şenbe güni Eýran-Yrak söweşiniň başlamagynyň 38-nji ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada guralan hüjümde 17-si harby bolmak bilen jemi 25 adam ýogalypdy, 60 adam ýaralanypdy.
Degişli Habarlar
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Protestçylar Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetden ýesirleriň yzyna getirilmegini talap etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ukraina we Ysraýyla Goşmaça Harby Kömegiň Berilmegini Tassyklady
Baýden, Ukraina 61, Ysraýyla hem 26 milliard dollarlyk harby kömegiň berilmegini tassyklady.