Talibana agza terrorçylar hüjümlerini dowam etdirýärler

Soňky hüjümde bolsa ýene-de 9 adam ýogaldy

1052847
Talibana agza terrorçylar hüjümlerini dowam etdirýärler

Owganystanda Talibana agza terrorçylaryň ýurdyň demirgazygyndaky Balh welaýatyndaky harby birikmä hüjüm guramagy netijesinde 9 goragçy ýogaldy. 

Balh welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Şirjan Durani Talibanly başbozarlaryň, balh welaýatynyň Çarbulak etrabyndaky harby birikmä hüjüm guramagy netijesinde çaknyşygyň ýüze çykandygyny habar berdi. 

Balh welaýatynyň Döwlet hassahanasynyň Baş lukmany Nur Muhammed Faiz hüjümiň netijesinde ýogalan 9 adamyň jesetleriniň hassahana getirilendigini mälim etdi. 

Taliban bolsa hüjümde 10 goragçynyň ölendigini öňe sürdi. 

 


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #Balh

Degişli Habarlar