Gresiýada sazanda Fissasyň hormatyna geçirlen ýörişde dartgynly pursatlar başdan geçirildi

Fissasyň öldürlen ýeri bolan Keratsini etrapçasynda bir ýere jemlenşen müňlerçe adam rassisme we faşizme garşy şygarlar aýtdy

1052644
Gresiýada sazanda Fissasyň hormatyna geçirlen ýörişde dartgynly pursatlar başdan geçirildi

Gresiýada aşa sagçy Altyn Şapak partiýasyna agza bir adam tarapyndan 5 ýyl ozal öldürlen sazanda Pawlos Fissasyň hormatyna geçirlen ýörişe gatnaşanlar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Fissasyň öldürlen ýeri bolan paýtagt Afininiň golaýyndaky Keratsini etrapçasynda bir ýere jemlenşen müňlerçe adam rassisme we faşizme garşy şygarlar aýtdy.

Howpsyzlyk güýçleriniň protestçylaryň Pire etrapçasynda ýerleşýän Altyn Şapak partiýasynyň merkezi jaýynyň öňünde gurlan barrikadany geçmegine rugsat bermändigi sebäpli dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Ýüzleri maskaly ýüzlerçe adamyň howpsyzlyk güýçlerine daşlamagy sebäpli howpsyzlyk güýçleri gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Protestçylar hem käbir zir-zibil gutularyny oda berdi.

Grek köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Pawlos Fissasyň hormatyna Salonik şäherinde geçirlen ýörişde hem şuňa meňzeş wakalaryň başdan geçirlendigini habar berdi.

Çepçi garaýyşlary bilen tanalýan 34 ýaşyndaky Pawlos Fissas 5 ýyl ozal Afininiň golaýynda Altyn Şapak partiýasynyň agzasy Ýorgo Rupasias tarapyndan öldürlipdi.

Waka hakynda gozgalan kazyýet işi henizem dowam edýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Gresiýa , #sazanda , #dartgynlyk

Degişli Habarlar