Putin Ýaponiýa parahatçylyk teklip etdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ýaponiýa şu ýylyň ahyryna çenli şertsiz ýagdaýda parahatçylyk şertnamasyna gol çekmegi teklip etdi

1048097
Putin Ýaponiýa parahatçylyk teklip etdi
abe-cinping-putin.jpg

Putin, Wladiwostok şäherinde geçirilen IV Gündogar Ykdysady forumda, Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abeniň gepleşikler bilen bagly çykyşynda parahatçylyk şertnamasyna gol çekmek üçin teklip hödürledi.

Putin: “Geliň, parahatçylyk şertnamasyna gol çekeliň, emma şu wagt däl ýylyň ahyryna çenli, hiç bir şert bolmasyn we soň bolsa parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde dost hökmünde aramyzdäki jedelleşikli meseleleri çözmäge dowam ederis” diýdi.

Mundan başgada Putin, Britaniýanyň Solsberi şäherinde Russiýanyň ozalky içalysy Sergeý Skripal we gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi bilen bagly wakalaryň Britan hökümeti tarapyndan günäkärlenýän adamlaryny bilýändigini we olaryň hiç hili günäsiniň bolmandygyny beýan etdi.

Russiýa we Ýaponiýa, II Jahan urşyndan soň ruslaryň Kuril adalary, Ýaponiýanyň bolsa Demirgazyk ýerler diýip atlandyrýan topraklar babatyndaky düşünişmezçilikler sebäpli resmi parahatçylyk şertnamasyna gol çekmändiler.

SSSR 1949-njy ýylda basyp alan adalarda ýaşaýan ähli ýapon raýatlary ol ýerden çykarypdy.

Parahatçylyk şertnamasyna gol çekmek üçin ilkinji gezek 2014-nji ýylyň başynda geçirilen gepleşikler Ukrainadaky krizis sebäpli togtadylypdy.

Bu adalar Ýuwaş okeanynda ýerleşýän Iturup, Kunaşiri, Şikotan we Habomai adalaryndan ybarat.



Degişli Habarlar