“Idlibe 100-den gowrak hüjüm guraldy”

ABŞ-niň BMG-däki hemişelik wekili Nikki Haleý, Russiýanyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde 100-den gowrak hüjüm gurandygyny habar berdi

1047900
“Idlibe 100-den gowrak hüjüm guraldy”

BMG-niň Howpsyzlyk geňeşi, Russiýanyň talabyna laýyklykda Prezident R.T. Erdoganyň, Russiýanyň Döwlet Baştutany Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň geçen hepdäniň anna güni Tähranda geçiren maslahatyň netijelerini we Idlibdäki wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.

ABŞ-niň BMG-däki hemişelik wekili Nikki Haleý ol ýerde eden çykyşynda: “Russiýa, Eýran we Başar Asad syýasy çözgüt bilen gyzyklanmaýar. Türkiýe muny geçen hepde bildi, Idlibde parahatçylyk isledi, emma Russiýa we Eýran, Türkiýäniň bu teklibini kabul etmedi” diýdi.

Russiýanyň BMG-däki hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia bolsa Tähran maslahatynyň netijesi barada maglumat berdi.

Nebenzia Idlibde El Nusra we terror guramasy DAIŞ-e agza on müňlerçe terrorçynyň bardygyny belläp, Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň Siriýanyň ähli ýerinde terrorçylary arassalamak babatynda bir pikirdediklerini habar berdi.

Siriýadaky krizise syýasy çözgütden başga bir ýoluň bolmandygyny aýdan Nebenzia: “Syýasy çözgüde karar beren ýaragly toparlary gyssagly ýagdaýda terrorçylardan aýyrmaga zerurlyk bar we bu çagyryş halkara jemgyýetiň ähli agzalaryna” diýip belledi.

Nebenzia Astana gepleşiklerine kepil bolan 3 ýurdyň BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Mistura bilen konstititsion komitediniň Ženewada iň gysga wagtda döredilmegi üçin gepleşikler geçirýändiklerini habar berdi.

Tähran maslahatynda Siriýanyň ýaňadandan gurulmagynyň hem ele alynandygyny we şertleriň bu ýagdaý üçin kadalydygyny aýdan Nebenzia, Siriýada ynsanperwer kömeklere, minalaryň saplanmagyna we infrastrukturanyň täzeden emele getirilmegine zerurlygyň bardygyny emma, Günbataryň bu babatda syýasy şantaž edýändigini nygtady.

Nebenzia Astana gepleşiklerine kepil bolan 3 ýurdyň nobatdaky maslahatynyň Russiýada geçiriljekdigini habar berdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #BMG , #Nikki Haleý , #Idlib

Degişli Habarlar