Türkiýe-Russiýa-Eýran söwda gatnaşyklarynda ýerli pul birliklerini ulanarlar

Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Abdunnasyr Himmeti, Türkiýäniň, Russiýanyň we öz ýurdunyň ýerli pul birlikleri bilen söwda etmek babatynda ylalaşandyklaryny habar berdi

1045924
Türkiýe-Russiýa-Eýran söwda gatnaşyklarynda ýerli pul birliklerini ulanarlar

Himmeti, metbugata beren beýanatynda, öňümizdäki günlerde Türkiýäniň we Russiýanyň Merkezi banklarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşjakdyklaryny we ylalaşyk gazanylan meseleleriň iň tiz ýagdaýda durmuşa geçirilmegini umyt edýändiklerini mälim etdi.

Eýranyň paýtagty Tähranda 7-nji sentýabrda geçirilen Siriýa temaly maslahatda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we Russiýanyň Döwlet Baştutany Wladimir Putiniň gatnaşmagynda netijeli gepleşikler geçirendiklerini aýdan Abdunnasyr Himmeti, nebit, gaz we ýönekeý harytlaryň söwdasy we bank pudagy bilen bagly meselelerde ylalaşyk gazanandyklaryny beýan etdi.

Abdunnasyr Himmeti, 3 ýurdyň söwda gatnaşyklarynda dollaryň bir gyra süýşürilmegi babatynda pikirdeşdiklerini, Türkiýe-Russiýa-Eýranyň öz ýerli pul birlikleri bilen söwda etjekdiklerini we söwdanyň bellenen kursdan ediljekdigini habar berdi.  



Degişli Habarlar