Basra dartgynly bolmagynda galýar
Basrada 8-nji iýuldan bäri geçirilýän protest ýörişlerinde häzire çenli 20-den gowrak adam ýogaldy

Yragyň günortasynda ýerleşýän baý nebit känleri bilen tanalýan Basrada işsizlige we galplyga garşy geçirilýän protest ýörişleriniň çäginde düýn 3 adam ýogaldy.
Yragyň Mejlisiniň Adam hukuklary komisarlygynyň agzasy Heýmin Bajalan mesele barada beren beýanatynda “Hökümet Basra meselesinde dymýar. Şäherde döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalar bilen birlikde hususy pudagyň emlagyna zeper ýetirilýär” diýdi.
Bajalan düýn başdan geçirlen wakalarda ýene-de 3 adamyň ýogalandygyny, 50 adamyň ýaralanandygyny belledi.
Yragyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda hem protest ýörişinde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň köpelendigi nygtaldy.
Basrada 8-nji iýuldan bäri geçirilýän protest ýörişlerinde häzire çenli 20-den gowrak adam ýogaldy, ýüzlerçe adam ýaralandy.